icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 awgust 2018

714

Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasynyň agzalarynyň iş maslahaty

2018-nji 22-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň öň ýanynda Merkezi Aziýanyň tebigaty goramak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasynyň işiniň çäklerinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin iş maslahaty geçiriler.

Maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň tebigaty goramak edaralarynyň ýolbaşçylary - Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasynyň agzalary gatnaşar.

Maslahatda Komissiýanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, hususan-da, Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýanyň ýolbaşçylygynyň ygtyýarlygyny yzygiderlilikde nobatdaky döwlete geçirmekligiň meseleleri maslahatlaşylar.

Şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň Sebit maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylyşyna serediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi