icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 sentýabr 2018

870

Aşgabatda energetika pudagynyň ösüşine bagyşlanan sergi öz işine başlady

2018-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” ady bilen halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen bu forumy Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem-de daşary ýurt we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda köpugurly gözden geçiriliş ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň we hususy telekeçiligiň bölümlerinde 160-a golaý diwarlyklar görkezildi.

Energetika ministrliginiň hem-de ugurdaş edaralaryň, şeýle hem kuwwatly elektrik beketlerine we ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlara hyzmat edýän pudagyň iri kärhanalarynyň, häzirki zaman gözegçilik ulgamy hem-de sarp edijilere energiýa iberýän hem-de pudakda gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýan düzümleriniň bölümleri pudagyň sazlaşykly ösüşini, onuň gazanýan üstünliklerini we ýeten derejesini has dolulygy bilen görkezýär.

Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň energetika senagatynyň ösüşine bagyşlanan Halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, dünýäniň köp döwletinden bilermenler, synçylar, menejerler hem-de söwda wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasaty milli elektroenergetika ulgamynyň ýakyn geljek üçin ösüşiniň esasy ugurlaryny, ýurduň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulmagy boýunça anyk hereketlerini kesgitleýär.

Aşgabatda geçirilýän pudaklaýyn ykdysady gözden geçiriliş 8-nji sentýabra çenli dowam eder.

Şeýle hem 2018-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Energetika senagatynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp, Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda açylmagy meýilleşdirilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi