icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

TÜRKMENISTAN ÝUNESCO

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.

ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy ulgamyndaky halkara hereketlerinde öňpdebaryjy ähmiýeti eýeleýändir, her bir halkyň umumadamzat gymmatlyklaryna we gazananlaryna hormat goýmak esasynda açyk gepleşikler üçin şert döretmek babatynda işleri alyp barýandyr. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransuz  Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär.

1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy ÝUNESKO-nyň Türkmenistan bilen alyp barýan işleriniň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredýändir.

Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýändir. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda karara gol çekdi, oňa laýyklykda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň düzümi we ondakyonuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli medeni mirasynyň goralmagyna uly ähmiýet berýär. Hut Prezident türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň köpsanly desgalarynyň hem-de gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi üçin hödürnamalaryň berilmegini teklip edendir.   

ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynnyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy

Bu Konwensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna aşakdakylar girizildi:

1. 1999-njy ýylda Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy.

2. 2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy.

3. 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi.

2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna indikiler girizilendir: «Görogly» şadessany (2015), «Kuştdepdi» (2017) türkmen milli aýdym-tans sungaty, şeýle hem Türkmen milli halyçylyk sungaty (2019).

Köpmilletli «Nowruz baýramy» hödürnamasyna 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Addis-Abebada (Efiopiýa) geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 11-nji mejlisiniň barşynda seredildi we ol ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistan Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak maksady arkaly ÝUNESKO bilen işjeň özara hereketleti dowam edýär.

Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän görkezmelerine laýyklykda dowam edýär: indiki nobatda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşen Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly türkmen şäherleriniň ýadygärlikleriniň hödürlenmegini bellemek bolar.

Şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça degişli işler hem dowam edilýär.

Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasyna seredilmegi 2021-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilendir, çünki şol döwürde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça Hökümetara komitetiniň mejlisi geçiriler.

Şonuň ýaly-da Ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler hem türkmen halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi