icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

07 noýabr 2023

1297

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Ş.Papuaşwili bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi, ulgamlaýyn esasda alnyp barylýan türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Şeýle hem taraplar geljegi uly bolan söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar syýasy-diplomatik ugurda parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygy barada umumy pikiri beýan etdiler. Şunuň bilen bilelikde, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda özara düşünişmek we oňyn dostluk gatnaşyklaryny ilerletmek boýunça möhüm gural bolup hyzmat edýän Parlamentara dostluk toparlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmeklige aýratyn ähmiýet berildi.

Söhbetdeşler Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi