icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 dekabr 2021

1273

Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça öňdebaryjy tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik Merkeziniň bilermenleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyk koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň häsiýetlerini öwrenmek boýunça abraýly daşary ýurt edaralary bilen gepleşikleri ýola goýmak we netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen guraldy.

Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri, COVID-19-yň öňüni alyş çäreleri boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda onuň ýurduň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini nygtap, mundan beýläk hem ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça tejribe alyşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi