icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

29 mart 2023

2384

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Ismail Haldini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegi, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda tejribe alşylmagy, özara saparlaryň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Hökümetine Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, esasy ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň meseleler boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgam netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlaşmalarydyr duşuşyklary geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Oba hojalyk ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda Türkmenistanyň Ysraýylyň oba hojalygynda gazanan tejribeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, suw serişdelerini tygşytly ulanmak we süýjetmek boýunça täze tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak ara alyp maslahatlaşmalaryň wajyp meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet günlerini guramagyň, iki ýurduň wekilleriniň ylym-bilim forumlaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurtlarymyzyň baý taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmak üçin syýahatçylyk mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi