icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 oktýabr 2018

811

Türkmenistanyň DIM-nde Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň Baş direktory j-p Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahatynyň oňyn netijelerini bellediler. Şeýle hem taraplar 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (MASYH) Maksatnamasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň noýabr aýynda MASYH-ň 17-nji ministrler maslahatyny Aşgabatda geçirmek babatyndaky meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekde ony özmertmek bilen bagly meseleleri barada pikir alyşdylar. Taraplar energetika, senagat, ulag we söwda ýaly esasy ugurlar boýunça taraplaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, telekeçilik we bank ulgamy ýaly pudaklarynda gatnaşyklary berkitmek meselelerine seredildi.

Merkezi Aziýa sebiti boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çarçuwasynda gatnaşyklary ösdürmek babatynda pikir alyşmalarynyň dowamynda, Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti
AÖB-niň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň çäginde geljekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi