icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 noýabr 2018

716

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna esaslanan däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösüş maksatlaryna kybap gelýän bilelikdäki täze iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny belläp geçdiler.

Asyrlarboýy mynasyp dowam etdirilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem berkejekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi