icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2018

849

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO 2020” halkara sergisiniň taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

2018-nji ýylyň 26-27-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “EKSPO-2020” atly halkara sergisine gatnaşyjylarynyň 3-nji taýýarlyk duşuşygy geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. BAE-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, “EKSPO-2020” sergisiniň Baş komissary Rim Al Haşimi bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar “EKSPO-2020” halkara sergisiniň taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdikleri barada birek biregi ynandyrdylar we sergä üstünlikli gatnaşmak üçin öňde duran anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün, halkara derejesindäki duşuşyga gatnaşyjylar üçin “EKSPO-2020” halkara sergisiniň geçiriljek ýerine tanyşdyryş sapary gurnaldy.

Ýakyn Gündogar we Afrika sebitinde ilkinji gezek Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” sergisi 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2021-nji ýylyň aprel aýy aralygynda dowam eder hem-de oňa 6 aýyň dowamynda 25 milliondan gowrak syýahatçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. “Pikirleri birleşdirmek, gelejegi döretmek” şygary astynda geçiriljek bu halkara sergä 190-dan gowrak döwletiň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi