icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 fewral 2019

916

KHBS üçin maglumat

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda Döwlet Baştutanlary halkara syýasy giňişliginde ikitaraplaýyn özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriji Geňeşine görülýän taýýarlyklar boýunça pikirler alyşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, suw diplomatiýasynyň meselelerine aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýanyň suw serişdeleriniň goralyp saklanmagynyň we netijeli peýdalanylmagynyň şu günki günde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde duran möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şundan ugur alyp, halkara hukugynyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň, sebitiň ähli döwletleriniň gyzyklanmalarynyň özara nazarda tutulmagynyň, şeýle hem halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasynda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn özarahereketleri işjeňleşdirmegiň zerurlygy bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri häzirki wagtda Türkmenistanyň başlyklyk edýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi boýunça pikir alyşdylar.

Şunlukda Döwlet Baştutanlary BMG-niň Aral deňziniň sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň taýýarlanylmagynda gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň tagallarynyň utgaşdyrylmagynyň hem-de Aralýaka sebiti üçin adam howpsuzlygy boýunça BMG-niň Köpugurly trast gaznasynyň döredilmegi baradaky başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler.

Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň aprelinde kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky» rezolýusiýasynyň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi