2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň «Migrasiýa boýunça Aziýanyň sebitleýin maskatnamasy» taslamasynyň çäklerinde «Çökgünlik şertlerinde daşary ýurtlarda raýatlaryňy goramak» temasy boýunça okuw maslahaty öz işine başlady.
Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Owganystanyň migrasiýa gulluklarynyň, daşary işler, içeri işler we goranmak ministrlikleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleri gatnaşýarlar.
Maslahatyň maksady gatnaşyjylaryň MHM-niň «Çökgünligi başdan geçirýän ýurtlarda migrantlar (ÇBGÝM)» başlangyjy hakynda gatnaşyjylaryň habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolup, ol migrantlaryň ejizliginiň aradan aýrylmagyna gönükdirilen milli hem-de halkara mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle hem okuw maslahaty adatdan daşary ýagdaýlarda migrantlara ýardam bermek boýunça ähmiýetli çäreleriň kesgitlenilmegine ýardam eder.