25 iýun 2020
4342
Häzirki wagtda daşary ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlary üçin Maglumat
Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär.
Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň hereket edýän möhleti 1 (bir) aýdan 6 (alty) aýa çenli uzaldyldy.
Arza ýazýan raýat şahadatnamany almak üçin ýüz tutanda şu aşakdaky resminamalaryň bolmagy zerurdyr:
- arza;
- 3 x 4 sm ölçegli 2 sany reňkli fotosurat;
- terjimehaly;
- bar bolan ýagdaýynda, arza ýazýan raýatyň şahsyýetini kesgitlemäge, onuň Türkmenistanyň çäklerinde bolýan ýerini ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamaga, Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigini tassyklamaga mümkinçilik berýän resminamalary (suratly gulluk şahadatnamasy, Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň kepilnamasy we ş.m.)
- Raýat bellenilen görnüşdäki sowalnamany dolduryp, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutup biler.
Başga habarlar
07
Oct
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi
07
Oct
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
07
Oct
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy
07
Oct
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
02
Oct
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Aşgabatda dowam edýär
Ähli habarlary görmek