icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

22 maý 2024

1386

Norwegiýanyň we Şwesiýanyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Oslo ş.) Jon Mikal Kwistad we Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestad bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Skandinaw ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Medeniýet günlerini, bilelikdäki sergileri we beýleki medeni çäreleri geçirmek medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi