icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 noýabr 2024

575

Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň çäginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ýokary derejeli duşuşygynyň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanda we sebitde ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek arkaly ýurtlaryň arasyndaky arabaglanyşygy ösdürmek ugrundaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara daşaýyşlaryň hukuk we logistika binýadynyň kämilleşdirilmegi hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Bellenilişine görä, Türkmenistan halkara ulag konwensiýalarynyň 12-siniň gatnaşyjysy bolmak bilen, ulag pudagyndaky ýakyn we giň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge berk we yzygiderli ygrarly. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy soňky 10 ýylyň dowamynda ulag pudagy boýunça 6 sany Kararnama kabul etdi.

Taraplar 2016-njy ýylda başlanan Aşgabat prosesiniň maksatlaryny ilerletmek bilen, ýurduň 2026 – 2035-nji ýyllary «Durnukly ulagyň onýyllygy» boýunça aýratyn üstünlikleri gazanandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapynyň ulag pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda täze amaly teklipleri kabul etmäge taýýarlygy beýan edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi