icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

06 awgust 2025

1397

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Malwajerd bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar.

Ministrler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň bilelikdäki başlyklary hökmünde ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi