icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

08 awgust 2025

1687

Türkmenistan we Slowakiýa Respublikasy özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge meýilli

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Wiktor Boreskiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler hem-de ikitaraplaýyn we halkara düzümleriň çäginde ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) gazananlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara platformalarynda konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

A.Gurbanowyň 2024-nji ýylda Slowakiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin netijeli häsiýeti nygtaldy.

Duşuşykda slowak tarapy şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi