icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

08 awgust 2025

1776

Türkmenistan we Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Filippinler Respublikasynyň Köptaraplaýyn gatnaşyklar we halkara ykdysady gatnaşyklar meseleleri boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Çarlz Hoseniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar 2024-nji ýylda Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeli häsiýetini bellediler we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Taraplar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm orny bellenildi. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) ýokary guramaçylyk derejesi nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi