icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

30 awgust 2025

1893

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleri barada brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleri barada brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki şanly 80-nji sessiýasynyň wajyplygy barada aýratyn belläp, munuň köptaraplaýyn diplomatiýanyň durnuklylygyny we wajyplygyny alamatlandyrýan ähmiýetli sepgitdigini nygtady.

Türkmenistanyň ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanan oňyn bitaraplyk syýasatynyň durnuklylygy berkitmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň netijeli guralydygyndan ugur alýandygy barada bellenip geçildi.

Brifinge gatnaşyjylar özara pikir alşyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleriniň çäklerindäki meseleleri durmuşa geçirmek ýolunda ysnyşykly özara gatnaşyklary dowam etdirmek babatda aýtdylar.

Brifingiň dowamynda parahatçylyk gurluşyk, sebitleýin we halkara durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi öňe sürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we konstruktiw orny barada bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi