icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

12 sentýabr 2025

2597

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Wena şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-e agza döwletleriň ünsüni halkara gatnaşyklarda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine ýene-de bir gezek çekdi. Ara alyp maslahatlaşma ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti jenap Pere Žoan Pons Sampýetro tarapyndan Hemişelik Geňeşe ýetiren hasabatyň çäklerinde geçirildi.

Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hem-de ýurduň daşary syýasatynyň binýady bolmagynda galýan oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde dialogy berkitmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürmäge gönükdirilen çäreleri hem öňe sürdi. Aşgabat 2023-nji we 2024-nji ýyllarda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň iki halkara maslahatyny üstünlikli geçirip, parlament agzalaryny, bilermenleri we halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Mejlisiň dowamynda özara ynanyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm guraly hökmünde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen yzygiderli maslahatlaryň geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi