icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

15 sentýabr 2025

2451

Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady.

Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – M.G.Atajanow), Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – K.G.Abadi), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Z.A.Amanžolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – N.N.Udowiçenko) wekiliýetleri gatnaşdylar. Mejlise türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.G.Atajanow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda taraplar Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn hem berildi, hem-de Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine seredilip geçildi.

Mundan başga-da taraplar Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler boýunça hazarýaka döwletleriniň iş toparyny döretmek meselelerine hem seredip geçdiler. 

Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň on birinji mejlisi öz işini dowam etdirýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi