icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

17 sentýabr 2025

3041

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ço Syng-Il bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Taraplar Koreýa kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagatlarynda üstünlikli alyp barýan işleri barada pikir alyşdylar hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn bellediler. Hususan-da, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak barada şertnama baglaşylandygy bellenildi.

Arkadag şäherinde döwrebap medisina klasterini gurmak boýunça koreý kompaniýalarynyň alyp barýan işlerine hem aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi