icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

01 oktýabr 2025

3311

Türkmenistanyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝUNISEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bu resminama şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň öňdebaryjy edaralarynyň ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji nobatdaky sessiýalarynda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan tassyklanyldy.

Taraplar täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça pikir alyşdylar. Maksatnama çagalaryň irki ösüşi, inklýuziwlik we jemgyýete goşulyşmak, howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi hem-de ýaşlaryň goşulyşmagy ýaly esasy ugurlary öz içine alýar.

Şeýle hem duşuşykda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna ÝUNISEF-iň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmegiň meselelerine hem garadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi