icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

08 oktýabr 2025

1164

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri jenap Gordan Grliç-Radman bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň başlygyny ýurdumyzyň alyp barýan içeri hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň, ÝB-niň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň wajyplygy bellenildi.

Taraplar iki döwletiň parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi