icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

31 oktýabr 2025

1642

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler.

Hindi tarapy şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriljek iri çärelere işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi