icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

13 noýabr 2025

995

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginiň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki doganlyk ýurduň arasyndaky syýasy dialogyň ýokary derejesi we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge bolan ygrarlylyk aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň halkara we sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi bellenildi.

Şeýle hem taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi