icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

13 noýabr 2025

1122

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginini bellemek bilen, ministrler türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, YHG-nyň we beýleki düzümleriň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, şeýle hem taraplaryň köptaraplaýyn meýdançalarda öňe sürýän başlangyçlary boýunça özara goldawyň wajyplygy nygtaldy.

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi