icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

27 noýabr 2025

1104

Türkmenistanyň DIM-de Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar.

Ýokary hem-de iň ýokary derejedäki dialogyň döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtaldy.

Şeýle hem taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň hem-de «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi