icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

03 dekabr 2025

542

Türkmenistanyň we Somali Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Somali Federatiw Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Söhbetdeşler iki döwletiň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Somaliniň ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerine bolan çemeleşmeleriniň meňzeşligi bellenildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi