icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

11 dekabr 2025

40

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysyny Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda kabul etmäge şatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň BMG tarapyndan ykrar edilen we parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýdyp, Neda Bergeriň Türkmenistana şu gezekki saparynyň, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagynyň türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Awstriýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, bilelikdäki çäreleri, sergileri we ylmy maslahatlary geçirmek arkaly medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam berýär. Bu ugurda Türkmen-awstriýa dostluk topary Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrýan köpri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň köp ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyny belledi.

Neda Berger öz işine berýän ýokary bahasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň berýän yzygiderli goldawlarynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň binýady bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Bergere ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi