icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

13 dekabr 2025

81

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy bu günki çäräniň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň ozaldan gelýän dostluga, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi