icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

16 dekabr 2025

165

Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Lusiano Nkogo Ndong Aýekaba Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de ilçä Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler hakynda gürrüň berildi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat Bitarap Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi