icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img

17 dekabr 2025

73

«Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, wepaly alabaýlaryň taryhyna degişli maglumatlara, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryna möhüm orun berlipdir. Bu ýerde alabaýlaryň edermenligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik işleri hem ýerleşdirilipdir.

Soňra «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Şanly wakanyň hormatyna guralan dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew çykyş edip, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan etdi.

Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan iberen Gutlagy barada-da durlup geçildi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

***

Soňra dabara Aşgabat atçylyk sport toplumynda dowam etdi. Toplumyň açyk manežinde taryhy wakanyň hormatyna ýurdumyzyň şöhrat gazanan alabaýlarynyň we «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň görkezilişi boldy. Bu çäre joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi