icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

17 dekabr 2025

117

Türkmenistanyň DIM-nde «FIT International» amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa «FIT International» konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Kýort Edwards bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda «FIT International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlap, bu şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin däp bolan çakylyk üçin hoşallygyny bildirdi hem-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli Halkara forumynyň ähmiýetini we netijeliligini aýratyn belledi.

Taraplar «FIT International» kompaniýasy bilen ýola goýlan köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini bellemek bilen, onuň Türkmenistanyň möhüm we ähmiýetli wakalary mynasybetli geçirilen tematiki çäreleriň guralmagyna işjeň gatnaşandygyny nygtadylar.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki medeni we bilim ugurly çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak meselelerine aýratyn orun berildi.

Mundan başga-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ABŞ-nyň degişli guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi