icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

24 ýanwar 2026

131

Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygynyň özara gatnaşyklary has-da ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ABŞ bilen dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatynda geçirilen sammite gatnaşmak üçin Waşington şäherine amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi