icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

12 mart 2026

131

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Piter Wan Rooýuň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Piter Wan Roýy täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň iş tejribesiniň Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasy bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini hem-de bilelikdäki ýol kartalarynyň we taslamalarynyň üsti bilen amala aşyrylýandygyny nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň institusional gatnaşygyny giňeltmek meseleleri, şeýle hem mynasyp zähmet ýörelgelerini öňe sürmäge we sosial dialogy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde ýurduň guramanyň konwensiýalary boýunça yzygiderli hasabatlary hödürleýändigi hem-de şu ýylyň iýun aýynda Ženewada geçiriljek Halkara Zähmet konferensiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşýandygy bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi