icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 mart 2018

2359

Abu-Dabide ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi

2018-nji ýylyň 15-nji martynda Abu-Dabide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

 Ir bilen milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezident köşgüne tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni köşk meýdançasyna gelýär, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Awtoulagyň ýanynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli garşylady.

 Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy köşge barýarlar hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilýän ýerine ugraýarlar. Duşuşygyň öňüsyrasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.

Soňra Uly maslahatlar zalynda ýokary derejede giňişleýin düzümde türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi. Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, özüniň ýurdunda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen gelmäge çakylygy, mähirli garşylandygy we myhmansöýerligi üçin Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň şu ýokary derejedäki duşuşyga däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde garaýandygyny belledi.

Giňişleýin düzümde duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Kiçi maslahatlar zalyna bardylar, şol ýerde olaryň ikiçäk görnüşdäki gepleşikleri geçirildi.

Onuň barşynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine şu saparynyň gün tertibine girizilen meseleler, şeýle hem türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykarmaga, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar geçirilen gepleşikleriň jemini jemläp, onuň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler we Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň ähli ugurlar boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge meýillidigini tassykladylar.

 Ikiçäk görnüşdäki duşuşyk tamamlanandan soň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde Ylalaşyga; jenaýat işleri boýunça özara hukuk kömegini bermek hakynda Şertnama; Diplomatik, gulluk, ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Ylalaşyga; medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň “Mubàdala Petroleum” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti emirlikleriň paýtagtynyň täze medeni desgasy — Luwr Abu-Dabi muzeýine baryp gördi. Bu muzeý 2017-nji ýylyň noýabrynda açyldy. Ol Saadiýat adasynda ýerleşýär hem-de Fransiýanyň çäklerinden daşarda “Luwr” adyny göterýän ilkinji muzeýdir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Luwr Abu-Dabi muzeýiniň baş girelgesiniň ýanyna gelýär, bu ýerde belent mertebeli myhmany muzeýiň direktory Manuel Rabate we onuň orunbasary Hissa Al Daheri garşylaýarlar. Jenap Rabate türkmen Liderini mähirli garşylaýar hem-de bina girmäge çagyrýar, ol muzeýiň döreýiş taryhy, onda sergileriň guralyşy barada gysgaça gürrüň berýär, sergileriň guralmagynyň baş maksady sungat eserlerinde adamzadyň, dürli zamanalaryň, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ýyl ýazgysyny beýan etmekdir.

Türkmenistanyň Prezidenti muzeý bilen tanyşlygyny tamamlap, toplumyň ýolbaşçylary bilen hoşlaşdy we Watan üçin gurban bolan milli gahrymanlaryň hormatyna gurlan “Wahat Al Karama” ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady. «Wahat Al Karama» (arap dilinden terjime edilende “Mertebe jülgesi” diýmegi aňladýar) bitewi döwlet ugrunda janyny gurban eden esgerleriň hakydasyny ebedileşdiren gaýduwsyzlygyň we milletiň jebisliginiň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçip, dabaraly ýagdaýda ýadygärligiň etegine gül goýup, Birleşen Arap Emirlikleriniň milli gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralaýar.

 Ýadygärlikler toplumyna baryp görmeginiň hormatyna milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň wekilleri bilen hoşlaşyp, BAE-niň paýtagtynyň Halkara howa menziline ugraýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparyny tamamlap, Abu-Dabiniň howa menzilinden Watanymyza ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi