icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 fewral 2024

803

Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy bilen bagly maslahatlaşmalar (OHCHR)

2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Ženewa şäherinde ýerleşýän Wilson köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Türkiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy BMG-niň ýurdumyz üçin ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy, şeýle hem Türkmenistanyň bu guramanyň özenini emele getirýän gymmatlyklara we ýörelgelerine ygrarly bolup galýandygy barada aýratyn nygtap geçdi geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň ýakyn hyzmatdaşlygy saklamagy wajyp hasaplaýar.

2008-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde açylan Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň sebitleýin wekilhanasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin möhüm orny barada aýratyn bellenildi.

Öz gezeginde, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary esas düzüji adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde Merkezi Aziýa  sebitiniň wajyplygy barada nygtady. BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň  ähli adamlar üçin hukuklaryň goragyny üpjün etmäge, bu hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarlyklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli işleri alyp barýan jogapkärlere ýardam bermäge, şeýle hem BMG-niň adam hukuklary ugrundaky maksatnamalarynyň netijeli peýdalanylmagy üçin raýat jemgyýetçiliginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge we berkitmäge ymtylýandygy barada bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi