icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

06 mart 2024

559

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory J.Samuşiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi, rektory şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.

Rektor J.Samuşiýa mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny aýtmak bilen, bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge goşant goşjakdygyny aýratyn belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi