icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 mart 2024

399

Katar döwletiniň Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň  Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaými bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ylym pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki ädimleri gözden geçirdiler, şeýle hem ýakynda Katar döwletine iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň duşuşyklarynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler 2024-nji ýylda Türkmenistanda we Katarda geçiriljek dürli halkara ylmy maslahatlara we olimpiadalara bilelikde gatnaşmak baradaky meseleleri maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek mümkinçiligini, şol sanda Kataryň Ylym we Tehnologiýa uniwersiteti bilen Ilçihananyň arasynda şu ýyl beýik türkmen filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde medeni çäreleri guramak mümkinçiligini öwrenmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi