icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 mart 2024

528

Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy brifing geçirdi

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynda şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň we 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň netijelerine bagyşlanyp brifing geçirildi.

Brifingiň işine Beýik Britaniýada ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçisi Ý.Serýaýew öz çykyşynyň dowamynda Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan agzalan Maksatnama laýyklykda döwlet ähmiýetli iri we esasy taslamalar  barada giňişleýin gürrüň berdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň dürli ugurlarda ýaşlaryň ýeten sepgitlerine, gazanan üstünliklerine bagyşlanandygyny we ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ilçisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda türkmen halkynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara we döwlet derejesinde geçiriljek çäreler barada habar berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar agzalanlar bilen bir hatarda şahyryň eserleriniň ýygyndylaryny, onuň eserleriniň aýdym-saz we şekillendiriş sungatynda beýan edilişini, ömri we döredijiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi