icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

23 mart 2024

935

Lipetsk şäherinde «Rus edebiýatyna Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň täsiri» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Russiýanyň Ýazyjylar birleşigi» Bütinrussiýa jemgyýetçilik guramasynyň Lipetsk sebitiniň şahamçasy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda sanly ulgam arkaly türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Rus edebiýatyna Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň täsiri» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Halkara ylmy maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýew hem-de Maliýe we durnukly ösüş institutynyň direktorty, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory A.Margolin çykyş etdiler.

Sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ylmy maslahata Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň talyp ýaşlary hem-de Lipetsk sebitiniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň dürli sebitlerdäki şahamçalarynyň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistandan halkara ylmy maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyplary işjeň gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler watançylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halklaryň dostlugy ýörelgelerini wagyz edýän türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýäniň dürli döwletlerinde şol sanda Russiýa Federasiýasynda hem çuňňur öwrenilýändigini we söýlüp okalýandygyny aýratyn bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi