icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

13 aprel 2024

440

Brýusselde Türkmenistan – ÝB energetika boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistan–ÝB energetika boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşdy.

Mundan başga-da türkmen wekiliýetiniň düzümine «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň we Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasynyň wekilleri hem girdiler.

ÝB tarapyndan Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça baş müdirliginiň, Ýewropanyň Daşarky hereketler gullugynyň, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça baş müdirliginiň, Howanyň ýagdaýy boýunça baş müdirliginiň we Ýewropa Komissiýasynyň söwda boýunça baş müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen gazyny ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, metan zyňyndylaryny azaltmak babatynda amaly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa desgalaryny artdyrmak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilşi ýaly, netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça strategiýalar Türkmenistanyň Dubaý şäherinde geçirilen COP28 maslahatynda Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesi nukdaýnazaryndan ep-esli mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti milli energetika pudagynda gazanylan üstünlikler, bu babatdaky kanunçylyk binýady, diwersifikasiýa etmek ugrundaky tagallalar, durnukly we ekologiýa taýdan howpsuz energiýa çärelerine ygrarlylyk we gün energiýasy boýunça taslama dogrusynda habar berdi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti bilen Energetika boýunça Ýewropa Komissarynyň Kabinetiniň başlygy Stefano Grassiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyk Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da tehnologiýalary alyşmak meselelerine bagyşlandy. Ara alnyp maslahatlaşylan temalar Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy mazmuny, Türkmenistanyň dünýä energetika bazaryndaky mümkinçilikleri, ilkinji nobatda ýurduň tebigy gaz gorlary we ugratmak mümkinçilikleri, dürli infrastruktura taslamalary we hyzmatdaşlyk gurallary ýaly meseleleri öz içine aldy.

Soňra türkmen wekiliýeti Ýewropanyň Daşarky hereketler gullugynyň Energetika diplomatiýasy boýunça baş geňeşçisi Tibor Stelbaskiý bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, metan zyňyndylaryny azaltmak we Türkmenistandan tebigy gazy ugratmak babatynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi