icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

29 ýanwar 2025

2463

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili diplomatik gullugynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

2025-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda edaranyň ýolbaşçysy Tatýana Walowaýanyň Ženewa şäherindäki diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew hem gatnaşdy.

T.Walowaýa öz çykyşynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň mümkinçiliklerini gysgaça beýan etdi. Parahatçylygy we dialogy saklamagyň möhümdigini bellemek bilen, T.Walowaýa, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmekde köpçülikleýin tagallalaryň ähmiýeti barada aýtdy we bu maksatlara ýetmekde köptaraplaýyn diplomatiýanyň ornyna ünsi çekdi.

Soňra çykyş eden BMG-niň ýanyndaky Parahatçylyk uniwersitetiniň (UPEACE) Hemişelik synçysy Dewid Fernandes Puýana parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygy barada belledi. Şu nukdaýnazardan, ol bu gymmatlyklary saklamakda Türkmenistanyň aýratyn goşandyny nygtady. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýew öz çykyşynda parahatçylyk we ynanyşmak mowzugynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol duşuşyga gatnaşanlara Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berdi we 2025-nji ýylda ýurdumyzyň dialogy ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we durnukly parahatçylygy üpjün etmegiň binýady bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň belleýändiginiň aýratyn mana eýedigini nygtady.

Duşuşyga gatnaşyjylar dünýä derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy saklamak boýunça umumy tagallalara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi