icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

07 mart 2025

2313

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bakuda çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezinde çäre gurady.

Çärä Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary, ylym işgärleri we Azerbaýjanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine hem-de onuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde konstruktiw serişde hökmünde ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG-niň çäginde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çärede Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar kitabyň mazmuny bilen tanyşdylar we türkmen halkyny agzybirlige çagyrýan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky ylmy hem-de taryhy maglumatlara ýokary baha berdiler. Kitapda Bitarap Türkmenistanyň ösüşinde bilimiň we ylymyň ähmiýeti bellenilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi