icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

10 mart 2025

2084

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan ýollanan çakylyk haty YHG-niň ýolbaşçylygyna gowşuryldy

2025-nji ýylyň 7-nji martynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hissein Brahim Tahanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň YHG-niň Baş ssekretarynyň adyna ýollan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň we YHG-niň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi