icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

04 sentýabr 2025

2758

Türkmenistanyň Ilçisiniň Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Italiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçisi T.Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary E.Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda halkara guramalarynyň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ylmy-medeni ugurlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, hususan-da pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek we medeni çäreleri guramak boýunça geljekki ädimlere seredilip geçildi.

Rimiň Kapitoliý muzeýinde Gadymy Merwiň we Nusaýyň çäklerinde tapylan özboluşly artefaktlaryň, şol sanda bilelikdki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalary mahalynda tapylan gymmatly tapyndylaryň sergisini gurnamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna saparyny guramak meselelerine seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Italiýanyň halklaryna parahatçylyk we gülläp-ösüş arzuw etdiler hem-de geljekde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygy barada nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi