icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

16 sentýabr 2025

2139

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara parlamentariýler kongresi bilen parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi A.Möwlamow Halkara parlamentariýler kongresiniň (IPC) Baş sekretary, senator hanym Sitara Aýaz bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda Halkara parlamentariýler kongresiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda özara gyzyklanma döredýän meselelerde has netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin yzygiderli gepleşikleri geçirmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we ynamy berkitmäge ýardam berjek dowamly aragatnaşyklaryň we ikitaraplaýyn saparlaryň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň soňunda taraplar parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi