icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

19 sentýabr 2025

2515

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty gurnaldy

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty guraldy.

Bu çärä Saud Arabystany Patyşalygynda ýaşaýan türkmen diasporasy hem-de diplomatik wekilhananyň işgärleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip edilmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.

Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirlýän Halk maslahatyň nobatdaky mejlisiniň Türkmenistan we türkmen halky üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygy barada nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýurduň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekdäki möhüm goşandy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideoýazgy görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi