icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img

29 sentýabr 2025

995

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Tähranyň we Ankaranyň binalary türkmen baýdagynyň reňklerine bezeldi

2025-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Eýranyň paýtagty Tähranyň Azady meýdançasynda Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň şekiliniň reňkli yşyklandyryşy guraldy. Eýranyň Azady binasynyň milli baýdagymyzyň reňkli yşyklandyryşynyň wagtynda ýurdumyzyň Döwlet senasy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly aýdymy ýaňlandy.

Dabarany Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli gurady.

Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Tähran şäher häkimliginiň, ýerli edaralaryň wekilleri hem-de ýurduň ýaşaýjylary gatnaşdy.

***

Şol gün Ankaranyň iň beýik binalary bolan Türkiýäniň söwda-senagat edaralar we biržalar birleşiginiň binasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyñ Döwlet baýdagynyň reňkine bezeldi.

Täsirli yşyklandyryş binalary haly gölli, ýarymaýly we bäş ýyldyzly baýdagyň gyzyl we ýaşyl reňkli owadan şekili bilen bezedi. Türkiýäniň söwda-senagat edaralar we biržalar birleşiginiň binalarynyň beýikligi 140 metr bolup, olaryň Ankaranyň iň beýik binalarynyň biridigini we Türkiýe Respublikasynyň möhüm işewür merkezidigini bellemek zerur.

Bu waka iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşanydyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi