icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

05 noýabr 2025

933

Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M.Maşalow bilen bu ýurduň DIM-niň Protokol we konsullyk departamentiniň başlygy Endi Rahmianto bilen duşuşdy. Ilçi M.Maşalow ynanç hatlaryň nusgalary gowşurdy.

Indoneziýa tarapy Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi we diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejedäki dialogyň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi